Biz kim?

IRU – awtoulag pudagyň halkara guramasy

Biz hereket erkinligine, söwda we ykdysady ösüşine, ilatyň iş üpjünçiligine we howpsuzlygyna hemaýat berýän, şeýle hem durmuş we daşky gurşawyň üýtgetmelerini gowulandyrmaga çözgütleri tapýarys. IRU ýüzden gowrak ýurdy öz içine alýar. Guramanyň düýbi milli ulag birleşmelerden we daşaýjylardan ybaratdyr. Şeýle hem, işewür we döwlet edaralarynyň, BMG-niň we beýleki halkara guramalarynyň wekilleri bilen hyzmatdaşlyk edýäris.

IRU-nyň düýbinde – dünýäde her gün amala aşyrylýan millionlarça gatnawlar: ýükler we ýolagçylar degişli ýerlerine çenli ugradylýar, we gatnawyň bir bölegi şäherara we halkara awtobusda, takside ýa-da ýük awtoulagda amala aşyrylýar.